Depderli resminiň içgepletmesi
Dur, depderim alaýyn men,
galam bilen, ýiti ujy,
aýdyp ber sen soňra nädip
tanamaly paky, pujy,
ýaşamaly haçan, nirde,
göreşmeli nämä garşy,
işlemeli kimler üçin,
aşak çekip gögi, arşy,
geçse geçsin ömrüň göçi,
näme bolsa bolsun soňra,
diňe işden kowma meni,
türmä basma iň esasy,
boýun alýan, günäm agyr,
hemme bilýär, senem asy;
dur, depderim alaýym men,
ýa alaýyn planşetim,
görkez meniň ýolum, ýolsuz,
ýa ýoluny, köýnek ýaly,
çalşyran kän, beýik kümsük,
sakla meni basyp aşak,
bolar ýaly mydam ümsüm.