Betbagtlyk üstündäki gykylyk

Ýatan halkyň ukusynda gaflatyň,
ýa-da ýatan bolýan, tapawudy ýok,
geçmişini ogurlarlar görnetin,
şu gününi ogurlarlar görnetin,
gelejegin ogurlarlar görnetin,
daş döwerler depesinde ozaly,
soň döwerler gylyç bilen awtomat,
türme berip, girer ýaly meýletin,
talap edýän tabynlygy ýüzde-ýüz,
sen iliňe düşündirip bilmersiň,
pursat döräp, gezek ýetse azajyk,
özüne däl, ant içýäne ynansa,
ejesinden, namysyndan ap-aňsat,
sebäbi nadara öňürder mydam,
alyp gaçar meseläni din diýip,
dilin gorap, kemsidilen iliniň,
ýa-da ýurdun goranlara ýaplanyp,
ýatlan bolup gyrylany, sürleni,
ýesir edip, ýat illere, sergezdan,
men pylany, men ilkinji, ol pylan,
özün satyp iň ajaýyp bahadan,
ýüzi ýyrtyk, agzy açyk, şer tapsa,
ak girse-de, akyl girmez, gygyrar,
pikir etme, ýatan halka bagyryp,
men diýýäniň ýürek-bagry agyrar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024