Ýesir bolma

Ýesir bolma gaharyňa,
gazabyňa ýesir bolma,
ýigrenjiňe ýesir düşüp,
elinde gul bolup galma,
görüp durkaň näme boldy,
näme bolýar ile-güne,
ýesir bolan öz-özüne.

Goý, kim bolsun öňüňdäki,
nirä barsyn, adam, bilýäň,
ejiz bolsa, agzyn açsa,
näme diýmez, ýöne gülme,
ata-baba, geçip nesle,
ary bardyr, aljak, pahyr,
beýik boljak basyp, asyp,
hem kineli galjak, pahyr,
çykyp bilmän çukurundan,
gazan ýyllap gaharyna,
sen adama ýesir bolma,
ýesir bolan öz-özüne,
kine gatyp naharyna.

Ýüp getirip, kömek etme,
asyşmaaga özüň oňa,
agaç edip özüň, belki,
goý, özünden halas bolsun,
halas etjek ili ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024