Seniň beýniň
Aýdyşy dek öňem birniň owadan,
hapa aýakgaply geçmesin kimse,
eýläk, beýläk ýüzüň bilen ýeňsäňden,
ýa içine girip beýniň, ýüregiň,
süpürmesin hapa elin, aýagyn,
alla, hudaý diýen bolup, namazhon,
daşyny tämizläp, için unudan,
arkasynda gizläp demir taýagyn;
tanajak bol öz-özüňi ozaly,
soňra özgeleri, näme isleýäň,
näme isleýärler özgeler senden,
hem galjak bol özüň bolup azajyk,
asyl nusga, göçürme däl başgadan,
kän bolsa-da abyr-zabyr daşyňda,
ýa-da edýän hajyk-hujyk.