Ýazmak keseli
Eser bolsa uly, kiçi,
syzyp çykan jigerlerden,
tapar okan özün onda,
kä setirden, azda-kände,
hem çydaman, ýa-da gülüp,
nälet okar, sagbol aýdar,
ýazan kişä, kim bolsa-da,
a soň ýazan, okan gaýdar,
gezek geler, geçer hemme,
emma galar ýazylanlar,
eger bolsa jiger derdi,
eser seçmez adamlary
durmuş seçer pesi, merdi,
şondan ýalan ýazar köpler,
bet boljak bor diňe toslap,
bilip, bolup ýagdaý bilen,
nämä gerek ýazmak asla?!