Agyr dert
Küýseseň-de uzak ýyllar aýrylyp,
girse-de düýşüňe gezen ýerleriň,
düzleri, daglary dogduk mekanyň,
takyrlary, ýagyş ýuwan, owadan,
adamlary eziz, mylakat tapsa,
gürrüň edip, çaý-naharyn sowadan,
gitme, barma, ýollar açylsa bir gün,
duzak bolan bolsa her daban ýeri,
ownadylan bolsa jemagat, alla,
hudaý diýip, awy gatsa aşyňa,
zäherlese gelip dem aljak howaň,
hem begenip, gürrüň etse soňundan,
pikir etme, taňry gorar, ýetişer,
gutaran gutarar soňuna çenli,
aýňalmak däl, agyr derdi ötüşer,
çüýreder bahyllyk bagy, bossany,
eger özi bejermese özüni,
hiç bir lukman halas etmez hassany.