Jahyllar

O-da bolsa töhmet atyp, ýok etjek,
bu-da bolsa töhmet atyp, ýok etjek,
bir-birin, beýlekini, özgäni,
üçünjisi bolmaz tarapyň, dawaň,
senlik dälmi, onluk bolar şübhesiz,
hem hemmesi adalatyň ýegeni,
ýa daýysy hakykatyň, gürlese,
garşydaşyň durşy aýyp, jenaýat,
iň ýamany aradaky çemeçil,
o trapdan, bu tarapdan birbada,
paýyn alyp bilýän goparyp, ýeser,
hemem pikir etme taraplar teser,
ýa çekiler töhmetçiler ýolundan,
öz-özünde görüp aýyby, derdi,
sebäbi adam bar, jahyllyk gelýär,
bu gylygy oňa biribar berdi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024