Zynjyr meselesi
Azat bolan bolýan guluň
gulçulygyn alanyňdan,
gulçulygyň özün saýla,
gutul ilki ýalanyňdan,
a soň göreş özüň bilen,
tä ölýänçäň, çekilme-de,
belki, içden çykar, gider,
guluň guly bolan ozal,
synanyş soň gündiz, gije,
ýazjak bolsaň erkin gazal.