Bu drama

Bu drama olaryňky,
meniňki däl, meniňki däl,
bu dograma meniňki täk,
seniňki däl, seniňki däl.

Men iýmeli, men içmeli,
men guçmaly gowusyny,
köşgi-eýwan gurup uly,
men geýmeli saýlap-seçip,
at münmeli, sowgat berlen,
maşynlary çalyşmaly,
köýnek ýaly, günde, belki,
sebäbi men utdum ýeser,
utulan dek eglip ilki.

El ogşadym gerek bolsa,
deregi-de çapdym, ýykdym,
ogurladym el ýetenin,
hemem gowy ýerde bukdum.

Olar asy, men däl asla,
meň ýerime gelip bilse,
hasam beter ederdiler,
agyr-agyr töhmet toslap,
türmä salyp beýik, uly,
daşdan gulplap giderdiler,
kim etmejek bolsa puly,
ogurlanan gorky bilen,
meniňki däl bu drama,
olaryňky durky bilen.

Goý, geýsinler çöwre, düzüw,
kellä ýa-da aýagyna,
bu don, telpek olaryňky,
çydasa öz taýagyna.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024