Adam we zäher

Myhman bolup, duzun iýip adamyň,
ýa-da başga ýerde duşup, gürleşip,
ýa ýasama, ýa-da ýürekden gülen,
zäherleme howasyny gep bilen,
belki, bular diýip ýüregin ertir,
o howadan dem alarsyň özüň-de,
dem alar, bil, ogul bilen gyzyň-da,
hapalama, süpür mydam köwşüň dek,
niýetiňi, göreniňde duşmanyň,
awy bolma erteki gün puşmanyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024