Bezeg biznesi

Köplük kabul etsin don-telpek geýip,
tahýa geýip, çuw ýalaňaç ýalany,
galany diňlesin sesin çykarman,
yzasyny çekip günde talaňyň,
çabyt edip geýsin, ýa-da keteni,
düýeýüň saçaga dolasyn pugta,
ýalan ýalan bolar ahyrete çen,
arpa ekip, hiç kim ormady bugdaý,
ýa gowaça ekip, arryklan ýerde,
arryk başlyklary bakanyň bilen,
ýa besläniň bilen çyn bolmaz ýalan,
kabul etsin ýa etmesin içinden,
ýaşap bilmez adam ýaly halaýyk,
öz-özüni aldap, aldap daşyny,
emma muny aýdyp, göwnüne degme,
gabanýan dek bezegçiniň aşyny,
alajaly, ýene tapsa her näme,
bezesin ol pul tölenen maşyny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024