Hawa hem ýok

Hawa hem ýok, hawa hem ýok,
döwlet bilen oňuşmaly,
il ýalaňaç galsa gyşda,
senem çyplak doňuşmaly,
dymyşmaly dyman bilen,
ýorganyna sümen bilen,
baş galdyrman ýatmaly kän,
ölen ýaly, gymyldaman,
geplemese, diýmese ol
derdini ýa dermanyny
soramasa açyk, aýdyň,
sen soraşjak bolsaň aýdyp,
ýüzüň, ýeňsäň des-deň edip,
depse, ursa, ýa öldürse,
hawa hem ýok, hawa hem ýok,
döwlet bilen oňuşmaly,
aç, ýalaňaç sowuk gyşda,
iliň bilen gagşamaly,
uran elin yza itmän,
mäkäm tutup, ogşamaly,
hemem, alla, etmeli däl,
eger-eger, bu işi sen,
eger hudaý salan bolsa,
ýok diýmeli bu düýşe sen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024