Tiredeşler, tiredeş däl
Wilfred Oweniň äheňinde
Biz, hemmämiz, wagty gelse,
ahyretde duşuşarys,
görüşeris, gürleşeris,
adam satan, töhmet atan
türmä iten iküç elläp,
tiredeşler, tiredeş däl,
pikirdeşler, pikirdeş däl,
pikir etmäň, görüşmeris,
ogurlanan mal-dünýe däl,
at-abraý, bilýärsiňiz,
ýöne gaýgy etmäň soňun,
gerek bolmaz artykmaç zat,
deň bolarys hemmejämiz,
sylag, hormat, dereje, at,
ýa eýerli, bezelen at,
o birine berilýän kän,
it gerek däl iň esasy,
kesip gulak-guýrugyny,
gizlin berip buýrugyny,
küşgürmäge başgalara,
maşgalasyz, maşgalaly,
başarsaňyz ýykyp öýün,
geçer dünýä näme etseň,
tutulmadyk guşy ütseň,
ýa ýolmasaň ganatyn hiç,
duşuşarys ir ýa-da giç,
menem azat, sizem azat,
sorarsyňyz, belki, adym,
tanap bilmän birden ýa-da
tanamadyk bolup, adam
müýni bolsa, emel tapar,
a men süýji ýylgyraryn,
hem diýerin galam bilen
tanka gaşy durjak bolan,
ildeşiňiz, ýurt haýyny,
diňläň indi yzdan gelýän,
boş bolsaňyz, il waýyny!