Soňsuz heder
Gara ýer bol ses-selemsiz,
ýa köçe bol, ýa-da köpri,
ertir-agşam geçer ýaly,
ýa akar suw, içer ýaly,
ýaranmarsyň adamlara,
biri diýer kirşeniň kän,
beýlekisi bulanyk-laý,
emma gelen geçip gider,
biri ýadaw, bir teşne,
eňek basyp, içip gider,
garaşma kän gowy söze,
gije biraz ynjalarsyň,
dynç alarsyň sowulsa il,
çyra bilen öçüp heder.