Hakyky hakykat

Zerurlyk däl ot-ojagyň bolmagy,
gyşyna aç, düzüw bolsa niýetiň,
göz öňüne getireniň ýeterlik,
hem guwanmak ösüşine döwletiň,
ýollar abat, düzüw bolsun köprüler,
geçiriji gaz geçirsin, suw gelsin,
elektrik kesilmesin hiç haçan,
mekdep bolsun çagalara kadaly,
mugallymlar ikilikçi bolmasyn,
iş tapylsyn işlejege düzüwli,
ogurlyk etmesin ullakan adam,
itler ýaly, açlygyndan gijeler,
bularyň barysy bilinýär, artyk
aýdyp, diýip kimsäň gyzdyrma çetin,
göz öňüne getir diňe isläniň,
goý, bolmasyn, emma ynan, şeýlemiş,
eger bilseň, iň gowusy kanagat,
bu gün dogduň, ertir günüň öýlemiş.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024