Il ýaly bolsaň
Iller ýaly bol diýerler,
gül diýerler iller ýaly,
ýeňil-ýelpaý gürrüňlere,
aýdymlary diňle suwjuk,
hem sazlary, gürrüldili.
Ogurlyk et, ýalan sözle,
türme bolsa bolsun soňy,
ýa-da gyra çekil-de bus,
saklanjak bol buýman, doňup.
Dinden çyksaň çyk-da, emma,
diýer ilden çykma olar,
görüp durus, bolsak beýle,
nirä alyp gelýär bular,
nirä gidýär ýary halkyň,
iller ýaly bolma asla,
tomus gerek bolsa salkyn
a gyşyna ýyly ojak,
hiç kim saňa jogapkär däl,
iller ýaly ölseň sojap.