Petik

Bir ses gerek aýdyp bilýän tirede,
ikisi-de gerek bolsa, tapylsa,
üç bolsa ses, biri-birinden dürli,
ýa on bolsa, bolsa ýigrimi, otuz,
aýdyp, diýip bilýän, bilýänler gürläp,
geregini, deregini tiräniň,
gorasalar olar bir-birin sylap,
garşy çykyp bir-birine pikirde,
eger biri ýok edilse nähakdan,
içinden ýa daşdan gülmän hikirdäp...

Düşünmeýän bolsa owarram, dogry,
düşünýäni garşy bolsa gürläne,
birleşseler susdurmaly bolanda,
sözi bary, ýüzi bary, ol onda,
bu munda öz kürsüsini ulanyp,
ýa görmedik bolup gelýän tupany,
tiräniň bagtyny ýatyrsa tire,
üstesine millet diýse özüne,
tireleriň, taýpalaryň birligi,
ýa-ha gowy bilýär barjak ýerini,
ýa bilmeýär gelip ýetenin nirä,
gülýär gende aglamaly halyna,
gelişmeýän işe akly sag dirä.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024