Düýnki oglan

Düýn elinden tutup, ýoldan geçiren
agzysary oglanjygyň är çykar,
hemem basyp geçjek bolar egniňden,
ýykyp, durjak bolar üstüňe çykyp,
beýigräk görner ýaly bolşundan,
adam ogly, egsik bolsa çäre ýok,
öz-özüni oýnap, öser özüçe,
gürrüňi ýok, bir gün özüni utar,
ilki biraz gynanarsyň, elbetde,
a soňundan gülkiň tutar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024