Allanyň adalaty

Gaçan diýýär: Ýa ýaradan, biribar,
gutar meni göni gelen ajaldan,
görüp dursuň, dutarym bar arkamda,
toýdan gelýän, ýaragym pes, çapyşsam,
ýeňilerin, hünär berdiň başgaça,
çagalam ýaş, gözi ýolda aýalym,
ölsem dul hem ýetim sany köpeler,
galat bolsa, galatdyr diý sözüme,
mamla bolsam, mamla diýip jogap ber,
sessiz galma iň bolmanda, ýaradan,
goýma dymyp öli ýa-da ýaradar!?.

Ýokardan ses gelýär, gübürdeýär gök:
Ýok, galat däl, şaýadyň men şu sagat,
aýdýanlaryň hemmejesi hakykat,
hakykat, hakykat, hakykat...

Kowup gelýän diýýär: Ýaradan, alla,
ýetir men şu gaçgagyň yzyndan,
agza gelen awym sypyp gitmesin,
aty ýüwrük, özi ýeser görünýär,
barsam, ursam, kellesini goparsam,
iň bolmanda at-eýerin alaryn,
artyk-süýşük puly bolsa has gowy,
özüň bilýäň, çagalarym bar meniň,
aýalymam aýagagyr, garaşýar,
gözüm dikýän ýene birniň gyzyna,
ata çykdym, gylyç berdiň elime,
üzülerin boş gaýtarsaň yzyma,
galat bolsa, galat diý bu sözüme,
mamla bolsam, mamlasyň diý, bileýin,
hemem öýe olja alyp geleýin?

Ýokardan ses gelýär, gübürdeýär gök:
Ýok, galat däl, şaýadyň men şu sagat,
aýdýanlaryň hemmejesi hakykat,
hakykat, hakykat, hakykat...

Aralykda duran, gören, eşiden,
şaýat bolan daýhan gygyrýar: A-how,
ýeri, gögi, bar barlygy ýaradan,
bu nähili beýle bolýar, birisi
kelle kesip, çagasyny ekleýär,
beýlekisi gaçyp, gutarjak başyn,
galat bolsa, galat diý bu sözüme,
ýa sende-de galmadymy adalat,
ikisi-de mamla bormy olaryň,
ýüzlek bolma, arasyn aç, deň däl-ä,
iň bolmanda siňek bilen balary?

Ýokardan ses gelýär, gübürdeýär gök:
Ýok, galat däl, şaýadyň men şu sagat,
aýdýanlaryň hemmejesi hakykat,
hakykat, hakykat, hakykat...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024