Rejepler we senetçiler
Rejepler geler, geçer,
bar ogurlan malyn goýup,
taşlap köşgi-eýwanyny,
dul galdyryp ýaranjaňlar
sürüsini aýal, erkek,
senetçiler geçmez, galar,
senedinde, işi bilen,
gorkuzmarsyň, ürküzmersiň
hemmesini düýşi bilen,
döwülmedik galar hökman,
içe salnan türme bilen,
ýok etmersiň erkin türküň,
ýüzünden tank sürme bilen.