Çaýyrçy
The vulgar bark at men of mark, as dogs bark at strangers. Seneca the Younger
Depesinde taýak döwlen taýpajyk,
galyndysy gylyç gemren tireleň,
top atylan arasyna yzyndan,
çaga-çugasyny alyp gaçanda,
gyrkylygyn taşlap, galasyn taşlap,
ýurdun berip güýji ökdä alaçsyz,
başyn egip ýaşajakdy başarsa,
biri-birin satyp geçen ýerine,
pagta ýygyp, sygyr sagyp, tans edip,
ata-baba ruhuna däl diňe,
gelejegne garşy gidip her günde,
mekdep bilen, kitap bilen ursalar,
kellesini tutup berip öňüne,
radio, TW wagzyny doga,
tumar edip köne dinine derek,
gara başa dawa salan, elbetde,
aljakdy gazete berseler dolap,
hem etjekdi diýlenini ölýänçä,
galybyna girip basyp alanyň,
keýpi-sapa çekip bilse azajyk,
arzan arak, aýal bolsa, emeldar,
ezijiniň biri bolup geçjekdi,
öwrenipdi diýdimzoruň dilini,
emma bu bolmady, bulaşdy ýoly,
ol indi jabjynýar sözün aýdana,
ýat-kesekä üýrýän itler mysaly.