Eýleki adam
Hawa, dogry, gowy adam garşyňda,
geçirimli, rehimli, hoşniýet,
düşünýär sowatsyz, biedep bolsaň,
ýa betniýet bolsaň azajyk, artyk,
ýüzüňi almaýar gygyryp, arlap,
garaşýar, synlaýar ýagdaýy barlap,
sebäbi sen ýaly müňlerçe, ýortup,
dilinde näletläp dünýäň şerini,
ylgap aljak eli ýeten ýerini,
emma sen bilmeseň çeniňi, çägiň,
ilki birazajyk, a soňundan kän,
gaýta-gaýta çyksaň geçirýär diýip,
ýa-da diýip çekinýärler, beýleki,
ýagdaý üýtgäp biler gaty çalasyn,
gynanma soň birden gelse eýleki.