Adam bolmak
Adam bolmak diýmek näme?
Özüň bilip kimdigiňi,
batanyňy haýsy batga,
ýa-da çukur gazyp, düşüp,
ýa ot ýakyp, ýanyp, bişip,
çöwjemekmi birlerine,
hol aşakdan, ýa gapdaldan,
agaja ýa depä çykyp,
açyk ýeriň ýapjak bolup,
agyryňa çydap bilmän,
özüň gaýnap öz külüňe,
dökülmekmi günde dolup?
Adam bolmak diýmek näme,
ýaşamakmy ölüp, ölmän,
ýa ölenden beter bolup,
ömür-ahyr içiň gülmän,
bilmän neden ýaşaýanyň,
adammy ýa dälmi doly,
göterilip her şemala,
uçjak ýaly ganat baglap,
gonjak ýaly soň, hamala,
göwnüň islän ýerin peýläp,
sürjek ýaly soňsuz döwran,
gitmejek dek galman öýlä...
Adam bolmak diýmek näme,
aladamaky özüň irden,
güp ynanyp ýatmak agşam,
üşemekmi tomsuň güni,
gyşda der hem gara basyp,
gygyrmakmy kürsi, goçak,
aldyň, adam bolduň ýagşam!