Meýletin-mejbury körlük

Para alan diýýär: Allajan, ýetir,
para beren diýýär: Ýaradan, gutar,
biri kowalaýar, beýleki gaçýar,
başaran ýurt aşyp, arany açýar.

Ele düşen, görkezmesin, biribar,
gazabyny görýär bahyl iliniň,
ýerde dowzah guran guşap bilini,
taýak iýýär gije-gündiz, aç-suwsuz,
galan ömri açmaz ýaly dilini.

Araplaryň import eden ynanjy
gum boldy başyn sokara ykjam,
hiç mesele görmez ýaly öňünde,
ýa-da görüp, atar ýaly boýnuna,
biribaryň, bolsa, ýetişse käşgä,
alla bardyr, umyt edýär mähelle,
hudaý bardyr, özi görer, ýetişer,
emma aňsat gutulýan ýok Ahalda...

Hudaý bardyr, alar meniň arymy,
azanlara jeza berer hökman ol,
basgylanan dileg edýär gijeler,
gündizine gatnap çärä, ýowara,
ýetim, ýesir umydyny ýitirdi,
ulus-iliň ýary boldy awara.

Kasas kyýamata galmaz, edenler
egni bilen çeker diýip garyplar,
başga alaç tapman, garaşýar alla,
diňe baýa berýän tapanyn toplap.

Arap dini güýe boldy durmuşa,
ynanç gerek göreşmäge, durmaga,
kör etmäge däl-de özüňi diýseň,
müýnli köplük taýak gözlär urmaga,
adam satyp, hajy bolan ateist,
pal atdyrar, haçan açylar bagtym,
haçan öler depä çykan soňky pis?

Eli gelen diýýär: Allajan, ýetir,
utulanlar diýýär: Ýaradan, gutar,
biri kowalaýar, beýleki gaçýar,
başaran kör ilden arasyn açýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024