Edilmesiz gürrüň
Eger adam bolsa durşuna azar,
problema bolsa başdan-aýaga,
il-güne däl, iň ozaly özüne,
ene-atasyna, ölýänçä ahyr,
aýalyna, çagasyna musallat,
emma goşgusynda asylly şahyr,
bergi-borja batyp, ýaşasa uzak,
ýüzün ýere salyp sylanyň özün,
iki minut keýpi üçin, gomalyp
gürrüň eder ýaly ertir, birigün,
balyk tutsa balagyny çermemän,
her bulanan suwa batyryp ýüzün,
eger biri saçak ýazsa tanaman,
aýalynyň aýagyna seredýän,
a soňundan, haryt ýaly satyljak,
öýden çykyp-çykman gürrüňin edýän,
dosty-ýary, belki, özünden beter,
erkinligiň goragçysy diýseler,
göreldesi yzdan gelýän ýaşlaryň,
diýseler ar-namys, mertebe üçin
ýazdy tä galamy gaçýança elden,
näme etjek, tapawudyň bolmaýar,
her bir gelen sözi sypdyrsaň dilden.