Satyjylar we alyjylar
Süwümsizler özün satar efirde,
ýalan sözläp, ýa ýaplanyp ýalança,
özi ýaly, çykarylan bazara,
surat ýaly, reňkli däl, ak-gara,
söwümsizler alar ýaly gyssanyp,
maňa ýetdi, saňa ýetmedi bolup,
hem egsilmez alyjysy ýuwanyň,
sebäbi telperi egsilmez dünýäň,
näçe duzsuz bolsa özüni öwýän,
güjeňleýän maşynyny, jaýyny,
hatda içki geýimlerin, eý, aman,
süwümsizler özün öwer efirde,
eger galsa bakýan biri ýadaman.