Ýylgyrmagy öwren süýji

Sen özüňi eger-eger,
o birine deňeme hiç,
gowudyr ol, belki, erbet,
ýa ýakyndyr, daş bolsa-da,
ýa doganyň, ýa gara güýç,
sen bir başga adam, isle
ýa isleme, dünýä gelip,
gul bolmasaň, başga üçin
düzelmek ýok ir ýa-da giç.

O biriniň öz durmuşy,
seniň başga ýoluň bardyr,
şeýle baksaň, juda meňzeş,
hemmäň ýoly giň däl, dardyr,
ýöne her ýol başga bolar,
her ýodanyň öz öwrümi,
öz daşlary, kesegi bar,
öz gamyşy her bir kölüň,
her guş gözlär öz höwrüni.

Sen özüňi eger-eger,
o birine deňeme hiç,
goý, ýollary giňiş ýa dar,
ýa ortalyk bolsun käte,
çig süýt emen, çydam etmän,
gaharlansaň sähel zada,
ýylgyrmagy öwren süýji,
ot alyp dursa-da içiň,
eger özüň deňeseň il,
bilip bilmän, alyp gaçyp,
öz-özüňden zyňar daşa,
sen özüňi, adam bolsaň,
deňeşdirme hiç bir çöpe,
näme gelse gara başa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024