Gara maşyn, gara nebis
Hökümet bir gara maşyn,
garaldylan aýnalary,
ruldaky ak köýnekli,
diňe gara äýnekli däl,
gara göwün adam bolsa,
seniň başyň gowgadadyr,
gowgadadyr çagaň başy,
kazy, polis, aklawçylar,
gaplap alar içi, daşy,
hem birleşip dawa salar
diňe döwüm nanyňa däl,
janyňa-da her gün agşam,
eger bir gün gara maşyn
ak maşyna çalşyrylsa,
aýnalary açyk, ýagty,
begenme kän diýip iliň
ahyrynda güldi bagty,
ruldaky niçik adam,
wada beren uly, uly,
bagtyň gülmez eger bolsa,
öňki ýaly nebsiň guly.