Köşkdäki ýalňyzlyk

Ýeke galmak ýalňyzlyk däl hemişe,
ýogsa bu täk ýaraşarmyş hudaýa,
käte köplük, emma senden daş örän,
yza galan, öňe giden, parhy ýok,
ýa gapdaldan tomaşaçy mydama,
akyl satýan ýa-da dymýan, içini,
özi-hä däl, belki, alla-da bilmez,
her näçe bileje aglasaň, gülseň,
şonça ýeke, ýalňyz duýdurar özüň,
ýeke galmak ýalňyzlyk däl hemişe,
üşüdersiň käte üstünde közüň,
ogry bolsaň, öz iliň talasaň,
ýetim etseň, çagalary ataly,
ýesir etseň, naçarlary hossarly,
bolsa bolsun alkyşlaýan ýalandan,
aç galarsyň aşyň, nanyň barynda,
ýagyş geçer içiň bilen bagryňdan,
kepbede däl, köşgi-eýwan töründe,
ýalňyz galan bir aýatda kösenmez,
ölenden soň dik oturar göründe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024