Heýkeller we halk
Lenin otyr beýnisinde illeriň,
ýüreklerde otyr Stalin, gorky,
gyran bir ujundan ýüreksiz, zalym,
otyr KGB-niň soňky jellady,
ogurlygy bilen açyp ýüzüni,
ýeňsesini diräp tank bilen türmä,
iň esasy ulyň, kiçiň ýitiren
ynamyna arka diräp otyr ol,
sebäbi açgözlük gitmedi, geldi,
o tarapda, bu tarapda, bar ýerde,
adamyň garnyny doýurmak däl-de,
gözüni doýurmak uly iş boldy.
Lenin otyr beýnisinde milletiň,
ýüreginde otyr Stalin iliň,
ozalky kommunist, soňky liberal,
geçeni, geljegi seljerip bilmän,
şu günki duşmanyn tapyp, kesgitläp,
ýanbaşyna alyp, urmakçy bolýar,
soň ornuna geçip, durmakçy bolýar.
Näme üçin düýn mysapyr, gürlese,
hak iş üçin baş goýmaga taýyn-eý,
ertir çala eli gelse, daýansa,
hiç ýyldyz däl, günüň ýa-da aýyň-eý,
ar aljaklar aýdan her bir sözüňden,
bolsa goýjak ýüzüň bilen gözüňden,
özüňi gürledip, özüňe garşy,
kim başlady, kim ahyrda soňlajak
beýnidäki, ýürekdäki pes urşy,
adalatly, jihad diýip öwülen,
bir abat ýok, kimi görseň döwülen,
söz üçin söz, göz üçin göz alynsa,
aýdyşy dek öňde birniň, dat-bidat,
lal etmesin bizi baky, Stalin,
kör etmesin bizi baky leninçi,
hemmämizi, birimiz däl, elbetde,
nirä alyp, nirelerden çykardy,
bu päl-niýet, ýa gowumy heýkeli
jellatlaryň, ogrularyň, ownuklaň,
başdan, beýnimizden çekmeýän eli?