Şygyr, şahyr we adam

Şygyr birçak öldi diýýär käbiri,
geçdi diýýär döwri şahyryň, şiriň,
demir kapasada gabalan, ölen,
şalar diri, ýa-da ýaşan şa ýaly,
ýa dellallar, biri-birin goldaýan,
haryt bilen, oýunjak dek iň arzan,
ömrüň boýy it dek idip, aldaýan.

Käbirleri diýýär öldi okyjy,
öldürdi telefon ähli duýgyny,
paýhasyny, höwesini adamyň,
alyp gaçyp, meger, özünden daşa,
adam birçak öldi diýýär käbiri,
göräýmäge ýören bolsa-da ýaşap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024