Melamat
Sezen Aksuyň äheňinde
Belki, bu bir alamatdyr,
ýa melamat başa gelen,
belki, barýas kyýmata,
eşekli däl, münüp ata,
jahyl bolsa nätjek, alla,
bolanda nä Adamata,
bolanda nä Howenemiz,
ol ýaragly bolsa, walla,
döwlet maly alan-aldy,
ýetim, naçar aglap galdy,
gol gowşuryp, durmalymy,
tur diýende, turmalymy,
oturmaly otur diýse,
sür diýende, sürmelimi,
arabaňy reňki ak,
otlanmaýan, benzini ýok,
üstesine kisäň pulsuz,
bu nämemiş, kyýamat däl,
başa gelen bolup betpäl,
ýylba-ýydan tozduk, taňry,
belki, bur bir alamatdyr,
nirä barýas mundan aňry?