Seniň wagtyň
Ýok, başlamak giç däl, ýaşyň
näçe bolsun, hyk-çok etme,
bolar eger bolar diýseň,
bolmaz diýen gepe gitme.
Tur ýeriňden, iki ädim
gowy mydam birisinden,
ýalňyşaryn diýip dursaň,
ýalňyşarsyň, gelen indäp,
ýygnaýança öz ýanyna,
kändir barsaň täp-tämizler,
sypjyryksyz ölen, ýiten,
ýaşaýyş däl gizlen-gizlen,
des-deň edip ýüzüň, ýeňsäň,
synanyşmak giç däl, ýaşyň
näçe bolsun, ýaýdanma sen,
ýöne bu seň öz meseläň,
gulak asma aýdanma meň.