Düşünjek bol
Düşünjek bol adama sen,
eger bolsa, derdi näme?
Düşünjek bol haýwana sen,
eger bolsa, derdi näme?
Düşünmeseň, sora, gürleş,
mümkin bolsa, baryp ýanna,
ýa daş, ýakyn aralykdan,
aňlajak bol bakyp, synlap,
arza ýazma aýagyndan,
şyltak atma hakly, haksyz,
ýetmän sözüň anygyna,
haýbat atma iň esasy,
gorkar ýa çekiner diýip,
basjak bolup ýüzün aşak,
düşünjek bol adama sen,
düşünjek bol haýwana-da,
bu olara gerek hemem
seň özüňe gerek ilki,
düşünjek bol özüňe sen,
gowurak bor şonda, belki.