Tejribe

Elbetde, ýene-de wada bererler,
öňkülerem berdi, ýadymda bary,
ýöne tussag sany köpeldi barha,
hemem ýene beýgeltdiler diwary.

Dogry, ýene ynanasym gelýär kän,
tarapyna geçmän hiläniň, alyň,
emma gözlerimi ýumsam-da näçe,
beýle ýüzün görüp durun medalyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022