Günäliň jany

Arpa ekip, bugdaý oran ýokmuşyn,
ýöne türme ekseň, tohumyn sepip,
soňy gelmez jenaýatçy gögerýär,
suwy-sili saklap bolýar iseleseň,
emma jenaýatçy alajyn görýär,
çykalgasyn tapýar, gögerse nirde,
hassahana, polisiýa, häkimlik,
garalawçy, aklawçylar şärigi,
kanun bozsaň, bary elini berýär,
gujaklaýar seni dogany ýaly,
soňra itýär iň çuňňuldyk çukura,
çydar ýaly bolman haly, ahwaly,
düzelsin diýýärler, diýýärler ölsün,
olary orýarlar ähli pasylda,
gijesi ýok, gündizi ýok, kim gelsin,
saklap bilmez bu ekişi, harmany,
planyny dolsun, dolmasyn daýhan,
arzan bolýar barha gänäliň jany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024