Syr bildirseň
Gulçulyga kaýyl bolsaň, başga gep,
aç hem suwsuz, ursa, sögse hojaýyn,
çydaýarsyň, kysmatdyr-da, nädeýin,
meseläň ýok, soragyň ýok, gaharyn
getireňok sen kim diýip hiç kimiň,
kynçylyk başlanýar kaýyl bolmasaň,
sorag berseň, iň erbedi pikiriň,
garaýyşyň bolsa, garaz, azda-kän,
bolýarsyň indiki ýapyljak dükan.