Suw getireniň ýagdaýy
Suw getiren,
küýze döwen bir bolsa,
ýene, walla, gowy eken ozallar,
has erbedi – suw getiren urulsa,
ýa at dakyp, mundanam bir suw bormy,
ýa-da suwuň porsy diýip gülseler,
gaýdyp adam suw getirmek islemez,
at dakýanlar teşnelikden ölseler.