Aýy ogly

Leonid Anselowiçiň äheňinde

Ol oturdy ümsüm eltilen ýerde,
ilki kafedra müdiri boldy,
hukuk fakulteti, berlenin aldy,
soň oturdy häkimlikde Piterde,
Moskwada hökümete baş boldy,
elden-ele geçdi kürsüler, hezil,
haýsysyn berseler, diýmedi ä-ä,
soň partiýaň başy boldy birsellem,
soňra boldy döwletbaşy, görsene,
megerem bu iň gowusy ýyllaryň,
indi howpsuzlyga esewan edýär,
birden päli azaýmasyn gullaryň,
onda-munda gykylyk bar, käbiri
biljek bolýar kim bigünä, kim asy.
ýöne onuň işi oturmak ümsüm,
agyrtmazlyk kellesini esasy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024