Düşünýän tabytçy
Diňe gürlän almaz almytyn munda,
il-ulus susýarka mekirlik edip,
dymanlar-da alar hakyn-heşdegin,
ýa ýurduň içinde, ýa daşa gidip.
Gelip bilmez bir topary wagtynda,
diri, ýetim goýup yzda çagasyn,
bir topary, edil gürlänler ýaly,
jaýlap bilmez ene-ata, agasyn.
Bir topary, toprak çekdi diýerler,
ýat illerde galar bakyýa, ölüp,
yzyndan diýerler bu-da az saňa,
ýa ýatlarlar adyn ýaňsylap, gülüp.
Dogry, gelip-giden bolar arkaýyn,
ýa arkaýyn ýaly görüner urýan,
emel ýetip hökümetde az-owlak,
seniň ömrüň, meniň ömrüm opurýan.
Bu, belki-de, mydam bolandyr şeýle,
belki, ýokdur bu dünýede hiç hasap,
ýöne belli, tabytçylar düşünýän,
goýýar özüniň-de tabydyn ýasap.