Özüňe gelýänçä
Akmak jennet diňe akmaga gowy,
akylly akylly dowzahy saýlar,
jennet beýle gözden düşse, gutarsa,
emma gidibersin diýýärler olar,
näçe giden bolsa, gelmesin gaýdyp,
bolýar diňe bir özleri otursa.
Ugran ugrun, ýapyň ýoluny diýip,
ýa-da talaň diýip berildi buýruk,
sebäbi talaňa boýun bolýana,
göwnüň islän zadyn bolýarmyş buýrup.
Gitdi, gidýär, gitjek ýene dyngysyz,
beýnileri gözel iliň, çydaman,
il bilmedi, belki, ýitirýär näme,
näme bolar soňy munuň bigüman.
Şeýdip geldi öňýeteniň gezegi,
ýokarda oturan, aşakda galan,
azatlyk at boldy, millet pyýada,
özüňe gelýänçä barysy ýalan!..