Ertekiniň soňy

Tamam boldy otuz ýyllyk erteki,
gara gana boýap köçede daşy,
uruş ýokdy, halky talap, malyny
daşarlaryk daşap ýaşan ilbaşy,
hözirini görmek üçin ýat ilde,
hakykatda açdy dünýäň alyny,
hilesini, karam oýun oýnaýan,
baş gahryman, döwlet guran düýnki gün,
bu gün dünýä belli boldy, ikiýüz,
daşdan görseň, güler ýüzli Ban Ki-moon,
ozalky kommunist, niýeti ganly,
durnuklylyk adasyny gurujy,
tanaman halkyny, bolşewik gyran,
belki-de, umydy gul bolar baky,
polisiýa döwletine, gyryjy,
sapak, belki, uly-kiçä daşdaky,
kän utanman kisesini galňadan,
ýöne, walla, sada millet, ezilen,
garaşylşy ýaly däl eken ýadan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024