Okupantdan soňky durmuş
Olara okupant gidenden soňra
başga duşman gerek bolmady, meger,
garakçy, terrorçy azlyk etmedi,
öz-özleri ýetişdirdi baryny,
okupantlar at goýupdy owadan,
basmaçy diýdiler başyn galdyryp,
gözlerine göni garan adama,
gowy diňe özi ölse atylyp,
üç-dört arka çykardylar aryny,
soň dogulan dymdy agzyny ýamap,
iň täsini hemme garakçy boldy,
alyp gaçýan başgany däl, özüni,
çagalaryn ogurlaýan özünden,
daş-ýakyndan synlasaň-da, eý, alla,
sen olary tanamarsyň ýüzünden,
ýalňyşarsyň adam ýaly gürlese,
adam diýip, many alsaň sözünden.