Gaty görmesiz
Döwlet seni türmä basar gaýtalap,
döwlet seni gaýta-gaýta zäherlär,
töhmet bilen, şyltak bilen, gep bilen,
ýüregiňi bular döwletiň seniň,
emma sen çekmeli, dymmaly, çünki
elinde ýa kisesinde jan-teniň,
ahyrynda gaçyp, gutulsaň bir gün,
başarmasaň basyp içdäki agyň,
gygyrdar ol satlyk baryn üýşürip,
jenaýatçy, däli, ahlaksyz diýip,
dogrudanam, şeýle döwletiň barka,
jenaýatçy, däli, ahlaksyz bolman,
ölmän galmak özüň özüňi iýip,
üstesine işiň etmek, dynç alman,
ynanyp bolmajak erteki, belki,
şonuň üçin, döwlet dymsa, jabjynar
döwlete ýetmedik onlarça selki.