Diktatoryň güni

Aýaklary titr-titr,
elleri-de titr-titr,
hem içinden diýýär käte,
wah, gurasyn getir-getir...

Saňňyldaýar kellesi-de,
tutup bilmän bolýar heläk,
gözleri-de hanasyndan
çykjak bolýar elek-çelek.

Sandyraýar, endireýär,
sowuk büren ýaly için,
galpyldaýar gorkup ýelden,
peşmek ýaly, gitjek uçup,
gorkýar gündiz, gorkýar gije,
gözün ýumsa, gara basyp,
üýşüp gelýär garry, juwan,
hemem gidýär ýüpzüz asyp.

Ne KGB gorap bilýär,
ne teselli puly, maly,
bildirmejek bolýar, daşdan
gowy ýaly hal-ahwaly,
haýbat atýar kiçi-girim
ogry görse, jümri görse,
ýöne doýdum-doldumy ýok,
alýar biri bir zat berse.

Aýdym aýdyp, böken bolup,
her dürli bag eken bolup,
käte atly, kä tigirli,
kä güzledip sürýär maşyn,
emma öýe gelse ýene,
ýatýar tutup boýan başyn.

Bilip bilmän näme bolar,
haçan, nirden bela geler,
ýaşan ýaşy ýaşaýyş däl,
diýýär pahyr çekdim neler?

Aýaklary titr-titr,
elleri-de titr-titr,
hem içinden diýýär käte,
wah, gurasyn getir-getir.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024