Patdy-putdy goşuny
Patdy-putdy, utdy, satdy,
ýykylsa-da atdy ýatdy,
patyr-patyr, patyr-patyr,
milleti-de gözsüz batyr,
naçar, çaga urmak bolsa,
ýaragsyzy gyrmak bolsa,
oýnatgy il näçe asyr,
men-men diýip, döşe kakyp,
haýbat atyp, ahyr batdy,
gara batga, pasyr-pusur,
ganatsyz guş, uçýan ýaly,
goşun çekip gelipdi düýn,
indi eýýäm gaçýan ýaly,
ugur hanjak, gompy, gedem,
öz-özüne bolan aly?