Basylyp alnanyň kysmaty
Koloniýa bolan millet ömürlik
koloniýa galmalymy, ýaradan,
ölmelimi iliň dilin öwrenip,
ýaranjaňlyk edip ýada, kesekä,
ýa epilip soňky satlyk sanlara,
özüniňki hemem özüniňki däl,
ata-baba mazarlaryn depeläp,
gurluşykdan urup, talaýan halkyn,
çemeçiliň çäresinde çapalap,
galarmy bu millet gul bolup baky,
şu-da diýip kysmatdaky?