Ejeň dälmi adam eden?

Bes et indi, türkmen, güldürme ili,
pikirlen azajyk gyzyň bolanda,
pikirlen azajyk ogluň bolanda,
şükür et hem dile, adam bolsunlar,
okasynlar, öwrensinler, bilsinler,
düşünsinler ezileniň dadyna,
Ogulgerek dakma gyzyň adyna,
Oguljennet dakma, ogla zar bolup,
ýa-da başga sebäp bilen, eý, alla,
Ogulboldy, Ogulmaýsa, Ogulnur,
Ogulgurban, Ogulsapar, O-baýram,
Oguljemal, Ogulsona, Ogultäç,
Ogulkeýik, Oguljeren, O-bossan,
Ogulnabat, Ogulşeker, O-şirin,
Oguljahan, Ogulgözel, Ogulnar,
Ogulbagt, Ogulsoltan, O-bibi,
Ogulnäzik, Ogulbike, O-döndi,
Ogulşatlar, Ogulsenem, O-bahar,
bir gowy zat, Bessir, Doýduk azaldy,
Gyzsoňular, Oguldursyn, ýok, gahar,
kine bilen ýalbaramok, utanýan,
uran ýaly gyz bäbegiň ýüzüne,
ertir nädip bakjak onuň gözüne,
näme kemim bardy diýse oguldan,
üstesine, mesele bar başga-da,
belki, bir gün bagty çüwüp biriniň,
ýa-da bagty ýatyp, batan ülkede,
başy bolsa birden iliň ýalan, çyn,
gowumy adyny tutman, başdaşyn
gizläp ýörse görer gözden, dünýeden,
bes et indi, türkmen, güldürme ili,
ejeň dälmi adam eden?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024