Gowy bolsaň

Gowy bolsaň, gürrüňi ýok, gowy zat,
ýöne gowulygy edinme pişe,
dişle diliň, bolup özüňe kazy,
başga birin garalamak hemişe
özüňi aklamak bolar düşünseň,
gara başyň gutarmaly bolmasaň,
subut etjek bolma nämesiň, kimsiň,
eger özi düzüw bolsa adamyň,
erbet pikir etmez gowular hakda,
erbet bolsa, adam-a däl, alla-da
azany ýolundan başarmaz saklap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024