Seniň ýasyň

Sen eneňiň ýasyn tutup bilmersiň,
ýa illerde, sessiz aglap gijeler,
işe gidip irden turup, öňkiň dek,
belki, başga ýeriň bolman gidere,
dogan-gardaş ýokdur ýanyňda bile,
ýatlar ýaly geçen, gowy günleri,
agyr güni, emma ene-ataly,
sen eneňiň ýasy bilen ýaşarsyň,
pikir etseň ýa etmeseň hataly.

Sen ataňyň ýasyn tutup bilmersiň,
ýat illerde, ýeke aglap gijeler,
aglap bilmän, bokurdagyň dolduryp,
işe gidip her gün irden gyssanmaç,
belki, başga ýeriň bolman sürere,
obaň ýokdur, iliň ýokdur golaýda,
paý-pyýada, otly münüp, uçarly
daşam bolsa, jana dözüp barara,
görere ulalan ojagyň, alla,
gapylar ýapykdyr, ýapykdyr ýollar,
başga gürrüň, günäň bolsa geçilmez,
mesele ykbaly, geljegi iliň,
ýöne iliň nämä ýananyň bilmez.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024